TSTB agzalarynyň we ähli isleg bildirýänleriň dykgatyna!

Aprel aýynyň 3-6 aralykda Aşgabat şäherinde Türkmenistanda hökmany karantine degişli bolan zyýan berijilere garşy göreşiň ygtybarly biologiki we himiki usullary boýunça okuw seminary geçer.

Bu çäre ÝeB durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda oba hojalygyň we obalaryň mundan beýläk durnukly ösmegine ýardam bermek – III Faza (SARD III)» boýunça taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Seminara gatnaşmak boýunça soraglar bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 
80012 21-23-80, 80012 21-24-05, 80012 21-24-06